Hazyna we Maliýe Komiteti

HAZYNA WE MALIÝE KOMITETI

Türkmenistany täzeden gurmak tagallalaryň içinde iň möhüm bolan guramalaryň biri hem şübhesiz hazyna we maliýe guramasydyr. Türkmenistanyň häzirki ýagdaýynda hazyna we maliýe namyna hakyky manyda hiç bir iş görkezip biljek gurama ýa-da gurluş ýokdyr. Onuň ýerine Guramaçylykly Terror Toparyň bähbidini goramak maksatly, halka garşy işleýän bikanun guramalar bilen ýurdy talap gelýärler. Bu talaňçylygyň netijesini Milli Halas Ediş Komitetiniň maksatnamasy boýunça, Türkmenistanyň Gurujy Hökümeti we Howpsuzlyk Şurasy barlag we gözleg işi geçirdi. Bu barlag we gözleg işiň netijesinde Milli Halas Ediş Komiteti “Hazyna we Maliýe Komitetiniň” dörediljegini Halkymyza bildirýär. Hazyna we Maliýe Komiteti Türkmen halkynyň ýitiren baýlyklaryny täzeden dikeltmek, Guramaçylykly Terror Toparyň elinden hukuk-daşy kontrollygy öz kontrollygyna almak we iň esasy maksady bolan Täze Türkmenistanyň gysga wagtda ykdysady we maliýe taýdan galkynmagy üçin işler alyp barjakdygyny açyk beýan edýär.

mhekArtboard 1

Hazyna we Maliýe Komiteti şu aşakdaky düşünjeleri özünde jemleýär:

  1.  Hazynanyň ýeketäk we şübhesiz eýesi Halkdyr.
  2. Hazyna – Mülküň we Türkmeniň gelejeginiň kepilidir.
    • a. Adalat Mülküň sütünidir
    • b. Hazyna Mülküň goragydyr
    • c. Nesil Hazynanyň güýjidir
    • d. Döwlet Hazynanyň tassyklaýjysydyr (natariusydyr)
    • e. Topragyň eýesi Türkmenistanyň halkydyr

HMK-niň Täze Türkmenistanda maksat edinýän borçlary

-Obýektleri, emläkleri we kärhanalary ykdysady dolanşyga girizmek barada:

-Tök-gysyr obýektleri ykdysady dolanşyga girizmek üçin önümçilik profillerini dürli formalarda hususylaşdyrmaga we diwersifikasiýa etmäge rugsat bermek barada.
-Diýdimzorluk (reket), korrupsiýa we garyndaşparazlyk esasynda üstüne çökülen döwlet emläklerini yzyna, ýagny hazyna, gaýtaryp almak we şahsylaşdyrmak üçin täzeden tendere çykarmak barada.
-Diýdimzorluk (reket), korrupsiýa we kanunsyzlyk esasynda ellerinden alynan şahsy emläkleri, kärhanalary yzyna, ýagny eýelerine, gaýtaryp bermek ýa-da gaýtaryp bermek mümkin däl ýagdaýynda öwezini dolmak (kompensasiýa etmek) barada.
-Türkmen Milli Manadynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we ynamyny täzeden dikeltmek barada. (TÜRKMENISTAN JUMHURIÝET MERKEZ BANKYNYŇ JOGAPKÄRÇILIGINEGEÇIRILJEKDIR)
-Türkmenistan Jumhuriýetiniň pul (cash), kredit (debt) we maliýe (finans) sistemasyny täzeden dikeltmek barada. (TÜRKMENISTAN JUMHURIÝET MERKEZ BANKYNYŇ JOGAPKÄRÇILIGINE GEÇIRILJEKDIR)
-Hazyna ýuridiki şahslaryň emläklerini satyn almagy we satmagy baradaky borçlary maksat edinýär.

Scroll to Top